2016-njy ýylda işe girizilen «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, häzirki wagtda Türkmenistanyň dokma senagatynda haly önümlerini öndürýän iň iri kärhanalaryň biri hasaplanýar. Döwrebap önümçilik desgasy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşip, bu uly göwrümli toplum ýurdymyzyň halyçylyk sungatyny täze derejä çykarmakda möhüm orun tutýar.
Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu toplumda Germaniýanyň we Belgiýanyň önümçilik enjamlary ulanylýar. Bu bolsa öndürilýän önümleriň halkara global standartlara doly laýyk gelmegini üpjün edýär. Kärhana özüniň doly önümçilik döwri bilen tapawutlanyp, haly dokamak bilen bir hatarda, çig mal bolan polipropilen we poliester ýüplerini hem özünde öndürýär. Bu bolsa taýýar önümleriň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine we alyjylar üçin olaryň bahasynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Kärhananyñ önümleri san we hil taýdan kämil bolup, özboluşly dizaýn aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Dizaýnerler topary milli nagyşlary döwrebap stil bilen utgaşdyryp, häzirki zaman öý bezeglerini döredyärler. Müşderileriñ bu önümlere bolan ynamy bolsa su aşakdakylara esaslanýar:
• Haly önümleriniñ reñk durulygyny we durnuklygyny;
• Önümleriň ekologiýa taýdan arassalygy we saglyga zyýansyzlygy;
• Uzak möhletleýin ulanmaga niýetlenen berkligi we ýakymly ýumşaklygy.
Kärhananyň öndürýän önümleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde-de uly meşhurlykdan peýdalanýar. "Abadan haly" AGPJ özüniň ýokary hilli önümlerini goňşy döwletlere, hususan-da Gazagystana, Özbegistana we Russiýa, şeýle-de Ýewropanyň birnäçe ýurtlaryna yzygiderli eksport edýär. Bu üstünlikli söwda gatnaşyklary ''Türkmenistanda öndürildi" diýen belgini dünýä bazaryndaky abraýynyň berkleşmegine saldamly goşant goşýar.
Orazbagt Kilwanowa,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby

