Näme üçin dünýä iňlis dilinde gürleýär?

Decorative element

Maý 07, 2026

/

178

Näme üçin dünýä iňlis dilinde gürleýär?

Häzirki wagtda internet giňişliginde berilýän habarlaryň, maglumatlaryň 60%-den gowragy iňlis dilinde berilýär. Diňe bir öz diliňi bilmek - halkara ykdysady aragatnaşyklardan dünýäniň netijeli ösüşlerden yza galmaklygyň görkezijisidir. Iňlis dili dünýäniň bilim hazynasyna açylýan gapy bolmak bilen çäklenmän ol dünýä halklarynyň diňe bir ykdysadyýeti däl-de global meselelerinde hem orny uludyr.

Ylmy barlaglaryň netijeleri täze dil öwrenmegiň täze tehnologiýasyny işjeňleşdirip, beýniniň akyl taýdan ukyplaryny düýpli ýokarlandyrýandygyny görkezýär. Iňlis dilinde pikir alyşmak we ylmy edebiýatlary okamak beýni üçin özboluşly bir "Intellektual maşk" bolup, ýatkeşligiň berkligini hem-de düýpli pikirlenme ukybyny täze basgançaga çykarýar. Bu bolsa, çylşyrymly meseleleri çözmekde ara alyp maslahatlaşmakda özüniň oňyn netijesini görkezýär.

Dünýäniň islendik ýerinde bolsaňam, iňlis dili siziň iň ygtybarly ýol görkezijiňizdir. Muňa mysal edip bilet almak ýa-da nahar sargyt etmek ýaly ownuk meselelerden başlap, dünýäniň çar künjeginden bolan adamlar bilen dostlaşmaga uly mümkinçilikleri berýär. Bu dili öwrenmek bilen, siz diňe bir sözleýşiňizi däl, eýsem dünýä garaýşyňyzy hem özgerdýärsiňiz, her bir täze söz sizi başga bir medeniýetiň we akyl ýetirişiň dünýäsine aralaşdyrýar.

Muňa mysal edip, iňlis dili ýöne bir gepleşik guraly däl-de, eýsem ähliumumy ösüşiň açarydyr. Bu dili suwara bilmek — dünýäniň islendik künjeginde özüňi erkin duýmak, ylmyň çeşmelerinden bihabar galmazdan hünär dünýäsinde täze açyşlary açmakdyr. Häzirki döwürde iňlis dili bizi bütin dünýä halklary bilen birleşdirip dünýä ösüşine ösüş goşup, geljekki üstünliklerimiziň iň ygtybarly binýadydyr.

Kerim Parahadow,

                                          Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby