BEHIŞDI BEDEWLER — DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Decorative element

Aprel 27, 2026

/

310

BEHIŞDI BEDEWLER — DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Türkmen bedewi paýhasly pederlerimizden miras galan gymmatlyklaryň naýbaşysydyr we halkymyzyň egsilmez milli buýsanjydyr. Dünýäniň atçylyk sungatyny özüniň täsin gözelligi bilen baýlaşdyran behişdi bedewlerimiz milli hazynamyz bolmak bilen, taryhy mirasymyzyň öçmejek ýalkymydyr. Ata-babalarymyzyň «Taý ata ýetirer, at — myrada», «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly pähimleri behişdi bedewlere belent hormatdan nyşandyr. Türkmen seýisçilik sungatynyň pähim paýhasa ýugrulan ýörelgeleri nesilden-nesle geçirilip, şu günki günde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Baharyň iň ajaýyp günleriniň biriniň — aprel aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde döwlet derejesinde dabaraly bellenilmegi hem bu uly sarpanyň aýdyň beýanydyr.

Halk yrymlarynda bellenilişi ýaly, at toýnagy düşen ýerde bereket, döwlet bolýar. Ýelden ýüwrük, gamyşgulak bedewlere uly hormat goýýan ata-babalarymyz hem öz wepaly dostuny — atyny ýanyndan goýmandyr, oňa «dost, syrdaş» diýip ýüzlenipdir. Merdana ýigitler: «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, bedew atyny ezizläpdir, söýüpdir.

Ynsanyň bedewlere bolan hormaty juda beýik. Olaryň tarypy örän gadymy döwürlerden gözbaş alyp, milli edebiýatymyzda hem uly orun eýeleýär. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri bedewlere bagyşlap, ajaýyp eserleri döredipdirler. Müňýyllyklary aşan ertekiler, gürrüňler, dessanlar, rowaýatlar, şygyrlar, taryhy hakykatlar — behişdi bedewlerimize bagyşlanan eserleriň haýsy birini alyp görsegem, bedewiň ynsanyň çyn dostudygy, alsy ýakyn edýän, kyn gününde ýeke goýmaýan hemrasydygy teswirlenýär. Şeýle hakykatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.

Ýaş nesliň bedew ata söýgüsini artdyrýan, olarda atşynaslyk sungatynyň dowamat tapmagynda uly ähmiýeti bolan nurana jümleler hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp eserinde: «Gadymy grek, arap, pars hem-de hytaý çeşmelerinde «Asman atlary», «Asmany argamaklar», «Behişdi bedewler»ýaly şöhratly meňzetmeler bilen mahabatlandyrylan, Gadymy Parfiýa topragynda ösdürilip ýetişdirilen ahalteke bedewleri deňsiz-taýsyz gözelligi hem-de ynsana ýaraşykly ýagşy häsiýetleri bilen taryhyň beýik döwletleriniň arasynda iň gymmatly diplomatik sowgat hasaplanypdyr, döwletliligiň nyşany hökmünde görlüpdir» diýmek bilen, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan beýik şöhratyndan söz açýar. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen bedewleriň parahatçylygyň ilçileri, ynanyşmagyň nyşany bolandygy olara çäksiz sarpany has hem artdyrýar.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, 1935-nji ýylda amala aşyrylan Aşgabat — Moskwa atly ýörişi ahalteke bedewleriniň ajaýyp häsiýetlerini dünýä tanatdy. Bedewler 4 müň 300 kilometrlik örän uzak we çylşyrymly ýoly bary-ýogy 84 günde geçmegi başardylar. Bu bolsa bellenen möhletden üç gün öňdür. Şeýle ägirt uly aralygy gysga wagtyň içinde geçmekleri ahalteke atlarynyň islendik kyn şertlere döz gelýän çydamly we gujurly häsiýetini bütin dünýä subut etdi. Bu waka atçylyk taryhynda nusgalyk derejesine göterildi. 21-nji aprelde Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda bu taryhy wakany ýatlap, ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şöhratynyň hemişe belentdigini aýratyn nygtady.

Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýar. Şunda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň at-abraýynyň has-da belende göterilýändigini, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny mälim edýär.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň merkeziniň döredilmegi Türkmenistanyň bu ugurda dünýä döwletleri bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykmagyna şert döretdi. Bu ädim halkara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek bilen, tejribe alyşmak üçin ygtybarly binýat boldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan iň kämil atçylyk sport toplumlary, ylmy merkezler we döwrebap athanalar bolsa seýislerimiziň we atşynas hünärmenlerimiziň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri üpjün edýär. Pudagy ylmy esasda ösdürmek we ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda amala aşyrylýan özgertmeler, aýratyn-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi türkmen atşynaslygynyň geljegine uly badalga boldy. Bu bilim ojagy diňe bir hünärmenleri taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem, ganatly bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterýär.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde behişdi bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden hem-de uly dabaralar bilen bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleriniň, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň, at çapyşyklarynyň, atçylyk sporty bilen baglanyşykly ýaryşlaryň, şol sanda uzak aralyga atly ýörişleriň, bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, foto suratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzda milli mirasymyza uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Milli Liderimiziň: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!» diýip joşgunly belleýşi ýaly, türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Muny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyň görmek mümkin. Çünki bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp boldy. Şeýle hem bu meşhur topar ýurdumyzda türkmen bedewiniň şanyna uludan tutulýan toýlaryň esasy bezegidir. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýerine ýetirýän çykyşlary, çylşyrymly tilsimleridir täsin emelleri hemmelerde ýakymly täsirleri galdyrýar. Munuň özi çeýeligiň, gözelligiň hem-de ussatlygyň, ynsan bilen bedewiň arasyndaky ýakynlygyň bir bitewi sazlaşygyny emele getirip, ildeşlerimiziň ady äleme dolan topara buýsanjyny has-da artdyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiz ýaşyl ýaýlalarymyzyň, toý-baýramlarymyzyň ýaraşygyna, milli mirasymyzyň, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna nyşanyna öwrüldi. Şanly ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem döwrümiziň döredijilik ruhy bilen utgaşýar. Munuň özi uly ähmiýete eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrýar. Çünki Milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Taryh nireden başlanýan bolsa, şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr».

Aýjeren BABAÝEWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Çeşmesi: Nesil gazeti