Meşhur parfiýa bedewleriniñ kemala getiren gadymy ojaklaryñ biridir. Her ýylda bu ýerden keramatly Mitranyň şanyna tutulan uly toýlara niýetläp, Ahemeniler şalygyna 20 müň taý äkidilipdir. Täze Nusaýdan tapylan at şekiljikleriniň arasynda söwut bilen üsti bürelen, söweş tuwulgasy geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapylandyr.
Gerodot (b.e.öň V asyr): “Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar”.
Strabon: “Nusaý bedewleri iň iri we owadan atlardyr, olary pars şalary münýärler”.
Baron K. Bode: “Teke atlarynyň gadymyýetde meşhur bolan Nusaý atlaryndan emele gelendigine şek-şüphe ýok; gadymy Nusaýyň özem, onuň töweregindäki şäher harabaçylygam häzirki teke türkmenleriniň mekanyna girýär”.
B.W. Kowalewskaýa: “B.e.öň I müňýyllygyň II ýarymynda Merkezi Aziýanyň atyň meşhurlygy olaryň ýaýran we ýaşaýan giňişliginiň çen-çäklerinden uzak ýerlere çykyp, ýunan taryhçylaryna hem serkerdelerine bir tarapdan, başga tarapdan bolsa Çynmaçyn hökümdarlaryna baryp ýetipdir. Deňsiz-taýsyz ajap nusaý atlary pars, parfiýa, baktriýa hökümdarlarynyň dabaraly ýörişlerini bezäpdir, olara atlanan sak atlylary ýeňilmezek pars esgerlerinden üstün çykmagy başarypdyr, arassa ganly bu behişdi janawerler Altaýyň hem Tuwalyň tire-taýpa birleşmeleriniň serdarlarynyň eýerleriniň aşagynda gezipdir, olaryň nurana keşbi Ýeniseýiň, Tuwanyň hem-de Fergananyň keramatly ýerlerinde haşamlanypdyr”.
Wegesisa (rimli awtor – IV asyr) nusaý atlary barada: “Bu atlar gyzgyn ganly, ýeňil gopýar, ýadamany bilenok. Olar diýseň çydamly, uzyn boýly, aýlawly hem owadan kellesi bar.
Nusaý bedewleri türkmen taryhynyň ganatydyr. Gadymy Parfiýanyň merjeni bolan Nusaýyň şan-şöhradyny dünýä ýaýan bu atlar, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Taryhyň synaglaryndan süzülip geçen bu asylly jandarlar, bakylyk hem-de dünýä medeniýetiniň iň ýokary kämillgi hökmünde taryha ebedilik ýazyldy.
Merýem Orazmämmedowa,
Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby

