Aprel 23, 2026

/

360

Dili öwrenmegiň usullary

Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýä ylmyna we ösüşine tarap açylýan esasy gapylaryň biridir. Köpler dili özleşdirmegi gaty kyn we uzak wagt alýan iş diýip hasaplaýarlar, ýöne aslynda welin, bu beýle däl. Eger dogry usuldan peýdalansak, islendik dili gysga wagtyň içinde we ýeňillik bilen öwrenmek mümkindir. Munuň üçin bolsa diňe höwes we dogry strategiýa gerek. Geliň, dili çalt özleşdirmek üçin zerur bolan esasy ädimlere göz aýlalyň!

ISLEG

Islendik başlangyçda bolşy ýaly, täze dili özleşdirmekde-de güýçli isleg esasy gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem öz-özüňize: “Bu dil maňa näme üçin gerek?” diýen soragy ýygy-ýygydan beriň. Haçan-da ýaltalyk ýeňip başlanda ýa-da kynçylyklar öňüňizden çykanda, goýan maksadyňyzy göz öňüňize getiriň. Hut şu düşünje size ruhy galkynyş berip, ýoluňyzy dowam etdirmäge kömek eder.

WAGT

Häzirki wagtda ýurdumyzda dil öwredýän merkezleriň sany az däl, ýöne olaryň köpüsinde okuwlar hepdede diňe birnäçe gün bilen çäklenýär. Gündelik durmuşyň dyngyzyz akymynda köp adam galan günlerde dil bilen meşgullanmaga wagt tapmaýar. Emma diliň hakyky syry — yzygiderlilikdedir. Ony gysga wagtda özdleşdirmek üçin her gün gaýtalama we täze zatlary öwrenmek zerurdyr. Öz öňüňizde berk talap goýuň: "Nähili işli bolsam-da, her gün azyndan 30 minudy dil öwrenmäge sarp ederin". Bu endik size diňe bir dili çalt we kämil öwrenmäge kömek etmän, eýsem ýadyňyzyň hem barha ýitileşmegini üpjün eder.

NETIJELI ÖWRENMEGIŇ USULLARY

Grammatika - Täze dil öwrenmäge başlaýanlaryň köpüsi üçin grammatika ilki başda aşyp bolmajak gowak ýaly görünip biler. Hakykatdan-da, düzgünleri we gurluşlary özleşdirmek dil öwrenmegiň iň çylşyrymly, emma iň zerur bölegidir. Sebäbi grammatika diliň sütünidir. Ýöne bu kynçylyklardan asla çekinmäň! Dogry çemeleşme we ýönekeýleşdirilen usullar arkaly hatda iň çylşyrymly düzgünleri hem ýeňillik bilen öwrenmek mümkindir.

Käwagt dilleri öwrenenimizde, hatda şol diliň eýeleriniň hem gündelik durmuşynda asla ulanmaýan, agyr we artykmaç kadalaryna duş gelýäris. Şol sebäpli wagtyňyzy we güýjüňizi tygşytlamak üçin, iňňän zerur bolan düzgünleri saýlap almagy we ilki bilen şolary ymykly özleşdirmegi başarmaly.

Maksada ýetmek üçin hemişe iň gysga we täsirli ýoldan ýöremeli. Şol sebäpli, öwrenmek isleýän diliňizde ilki bilen gündelik gepleşigi ösdürmäge üns beriň. Sebäbi köpümiz täze bir dili diňe şol dilde beýleki adamlar bilen arkaýyn aragatnaşyk saklamak, pikirlerimizi beýan etmek üçin öwrenýäris ahyry!

Grammatiki temalaryň içinden iň zerurlaryny kesgitläniňizden soň, olary tertipli görnüşde hepdelere bölüň. Her bir mowzugy doly özleşdirmek üçin özüňize bir hepde wagt beriň we şol döwürde diňe şol temanyň jümmüşine aralaşyň. Eger şu tertipde dowam etseňiz, bary-ýogy üç aýyň içinde arkaýyn geplemek üçin zerur bolan grammatiki binýady gurup bilersiňiz. Ine, görşüňiz ýaly, dogry meýilnama arkaly grammatikany boýun egdirmek gaty aňsat!

Dilber Gurbanowa,

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby