Aprel 23, 2026

/

357

Çäksiz hereket

Ýeňil atletika — bu ylgaw, sport ýöreýşi, böküş, dürli enjamlary zyňmak we köp görnüşli ýaryşlar ýaly ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn sport görnüşidir. Ol häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyñ iň esasy we köpçülikleýin sütünleriniň biri hasaplanýar. Adam bedenini taplamakda we fiziki kämilleşmekde tutýan orny örän uludyr. Taryhy kökleri antik döwürlere, has takygy b.e. öňki 776-njy ýylda Gadymy Gresiýada geçirilen ilkinji Olimpiýa oýunlaryna çenli baryp ýetýär. Şol döwürden bäri ylgaw ýaryşlary sportuň özenini düzüp gelýär.

Ýaryşda pellehana ilkinji bolup gelen türgene zeýtun şahajyklaryndan täç geýdirilipdir. Ýaryşyň geçirilýän ýerine “Stadium” diýlipdir. Gadymy döwürlerde ýeňijiler diňe bir täç bilen däl, eýsem öz dogduk şäherlerinde uly hormat-sylag bilen sylaglanypdyrlar. Şol wagtky "stadium" düşünjesi häzirki zaman sport toplumlarynyň binýadyny bolup, bu ýaryşlar adamyň ruhy we fiziki taýdan kämilliginiň dabaralanmasy hökmünde kabul edilipdir.

Ýeňil atletika sportuň iň gadymy we düýpli ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda bu sportuň erkekler üçin 24 görnüşi bolup, olar 1956-njy ýyldan bäri üýtgewsiz saklanyp gelýär. Zenanlaryň ýaryş sanawynda bolsa 23 görnüş bar, olar diňe 50 kilometrlik ýöriş boýunça erkeklerden tapawutlanýarlar. Hut şu köpdürliligi sebäpli, ýeňil atletika Olimpiýadada iň köp medal gazanylýan esasy ugur hasaplanýar.

Sportuň bu görnüşinde Ýewropanyň çempionaty Ýeňil atletika boýunça Ýewropa assosiasiýasynyň ― EAA-nyň tagallasy bilen geçirilýär. Ýeňil atletika boýunça ýaryşlar möwsümleýin guralyp, Olimpiýa oýunlarynyň düzüminde 1896-njy ýylda, Dünýä çempionatynda bolsa 1983-nji ýylda bu görnüşiň ilkinji ýaryşlary ýaýbaňlandyrylýar.

Şeýlelikde, ýeňil atletika Olimpiýa oýunlarynyň "Şasy" hökmündäki ornyny saklap gelýär. Ol özüniň dürli taraplylygy we baý taryhy bilen türgenleri täze sepgitlere ruhlandyrýar. Bu sport görnüşiniň ösdürilmegi geljekki nesilleriň hem fiziki, hem-de ruhy taýdan sagdyn kemala gelmeginde möhüm orna eýedir.

Mähriban Allanurowa,

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby