17 июня 2026 г.

/

258

ÝAŞMAK — türkmen zenanynyň buýsanjy

Halkymyzyň asyrlaryň akyl-paýhasyny, söz kämilligini özüne siňdiren baý mazmunly, örän gyzykly we gadymy taryhy bar. Häzirki wagtda ýurdumyzda taryhçylarymyz, edebiýatçylarymyz we sungaty öwrenijilerimiz tarapyndan ata-babalarymyzdan miras galan medeni we taryhy gymmatlyklarymyzy ylmy jähtden öwrenmäge hem-de olary halk köpçüligine öz asyl nusgasynda ýetirmäge giň mümkinçilikler döredildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir» diýmek bilen, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy esasda çuňňur öwrenmekligi we onuň baý many-mazmunyny halka ýetirmekligi we ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekligi şu günüň esasy wezipesi edip goýýar.

Türkmenleriň arasynda «Ýaşmak — ýaraşyk» diýen düşünje bar. Türkmençilikde ýaşmak edalylygyň, näzikligiň, ýaşuly nesle bolan beýik hormat-sarpanyň aňladylmasy hasaplanýar. Uz ýaşynýan edaly gelinler düşen öýüniň, bütin obanyň gözellik mertebesine, edalylygyna öwrülýär, zenan gözelligini, onuň edep-ekram baradaky duýgy-düşünjesini bir gez beýgeldýär. Ýaş gelinler gaýynenesinden, gaýynatasyndan, gaýynagalaryndan we olaryň ýakyn garyndaşlaryndan ýaşynýarlar. Ýaşynmak dessuryna gyňajyň bir ujy bilen agzyňy ýapmak we ýaşynylýan adamlaryň bar ýerinde gaty ses bilen gürlemezlik mahsusdyr. Ýaşmak ata-babalarymyz tarapyndan döredilen we häzirki güne çenli gaýyn-gelin gatnaşygynda dowam edip gelýän ajaýyp däpleriň biridir.

Ýaşynmak täze gelinlik döwründen başlanýar. Ýaşynyp dulda bezeg bolup oturmak miýesser edýän bolsa, onda ol gelin gujurly erkek tarapyndan daşy gallanyp, apalanyp saklanýan maşgaladyr.

Ýaşynmak dessury birnäçe ýyllap dowam edýär. Esasan hem, gaýynatadan we gaýynagalardan ýaşynylýar. Köp halatlarda ýaş gelinleriň ilkinji perzentleri dünýä inenden soň, gaýynene gelnine sowgat-serpaý ýapmak arkaly ýaşmagyny aýyrmagyny, ýagny ýaşynmagyny bes etmegini soraýar. Ýöne şonda-da, türkmen gelinlerine mahsus utanjaňlyk, gaýyn-gelin sylag-hormatynyň nyşany hökmünde bu dessur gelinleriň ikinji perzentleri dünýä inýänçä dowam edipdir. Diňe şondan soň, gelinler gaýynenesi bilen ýuwaşja ses bilen gürleşip başlapdyrlar. Bu bolsa, türkmen gelinleriniň edep-ekramynyň, haýasynyň, edalylygynyň, asyllylygynyň, sylag-hormatynyň nyşany hökmünde kabul edilipdir.

Ýaşynmak — töweregindäkiler bilen gürleşmezlik däl, ol gelin syrlarynyň gymmatyny artdyrýan endik. Ýaşmak gelniň syryny adamsyndan, baldyzyndan, ýakyn eltisinden başga adamlaryň bilmezligi üçin amatly ýagdaýy döredýär. Zenan ömrüniň duýgulara baý bolýan gelinlik döwri näçe syrly bolsa, şonça-da gymmatly bolýar. Enelerimiziň täze gelniň gelinlik gylawynyň uzagraga çekmegi, özünü ýaňy gelen gelin ýaly duýmagy üçin ýaşmagy oýlap tapmaklary maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyryp, agzybirligi berkidipdir. Bu endik täze gelen gelniň durmuşyny içgysgynçlyga öwürmän, gaýtam, oňa üýtgeşik bir süýjülik çaýypdyr.

Ýaşmak ýaşynmagyň öz gözelligi bar, öz ýeri bar. Aýakgabyň aýaga, başgabyň başa geýlişi ýaly ýaşmak hem öz ýerinde, öz wagtynda ýaşynylsa gelşikli bolýar. Ýaşmak — ýygşyrmak, ýaşyryn saklamak ýaly manylary bolan, juda owadan sözdür. Ýaşynmak dessury türkmen durmuşynyň tapylgysyz aýratynlygy hökmünde goralyp saklanylmaga mynasypdyr.

Türkmen zenanlarynyň mähir-yhlasyndan, on barmagynyň hünärinden döreýän milli gymmatlyklar bu günki gün dünýäniň üns merkezindedir. Gyz-gelinlerimiziň ussatlyk bilen dokaýan halylary hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen dünýäde doly ykrar edildi. Muňa türkmen milli halyçylyk sungatynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Hala gyz-gelinler öz ahwalyny, mähir-muhabbetini siňdiripdirler. Gyz-gelinleriň iň bir söýüp geýýän keteni köýnegi hem öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Keteniniň jana melhemligi, özboluşly yşy türkmeniň gözel tebigatyny ýadyňa salýar. Gyz-gelinleriň mähir-yhlas bilen döredýän gymmatlyklary, el hünärleri gaýtalanmajak sungatdyr.

Asly halal halkymyzyň türkmen zenanyna, gyz-gelinlere goýýan sarpasy juda belentdir. Pederlerimiz gyz perzentlerini ezizläp, eý görüp, gymmat bahaly daşlary, lagyl-merjenleri, kümüş şaý-sepleri olara bagyşlapdyrlar. Şaý-sepler gyz-gelinleriň diňe bezegi bolman, eýsem, olaryň goraglylygyny, saglygyny berkidipdir. Gupba, tumar, çapraz-çaňňa, maňlaýlyk, bilezik, kökenli ýüzük, açar bagy ýaly şaý-sepler gadymyýetden gözbaş alyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Zenan maşgalalar gelinlik döwründe ýaşynanda, gyňajynyň ujuny börügine ýörite «ýaşmak ujy» diýlip atlandyrylýan şaý-sep bilen berkidipdirler. Ol bolsa ýaşmagyň has owadan görünmegi hem-de gelin iş edende berk durmagy üçün has amatly bolupdyr.

Jemläp aýdanymyzda, ýaşmak zenan maşgalanyň diňe bir milli däp-dessurlarymyza goýýan hormat-sarpasy bolman, eýsem, öý-ojagyň abatlygynyň, agzybirliginiň we mertebesiniň hem nyşanydyr.

Aýjeren BABAÝEWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Çeşmesi: Nesil gazeti