Ylym we bilim islendik döwletiňdir jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçilikleriniň toplumlaýyn pugtalandyrylmagynyň binýady hem-de möhüm şerti bolup durýar. Hut şu jähetden, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy, şeýle hem döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi ata Watanymyzyň ylymlar ýurdudygyny ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen tassyklady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürilýär, Watanymyzyň halkara abraýy barha pugtalanýar, şol sanda ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddi-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilip, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler rowaçlanýar. Şoňa görä-de, Ylymlar güni mynasybetli 11-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, ata Watanymyzda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandStandardStandardmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda, ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornunu berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady berildi. Bu ajaýyp waka Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmekde netijeli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň, ylmyň ýurdumyzyň ösüşleriniň berk binýadydygynyň güwäsidir.
Milli ylym ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen işler «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» esaslanýar. Diýarymyzda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, forumlar, ylmy bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary ýokary derejede geçirilip, ylmyň we tehnikanyň gazananlary arkaly eziz Diýarymyzyň halkara ylym giňişligindäki orny has-da pugtalandyrylýar. Ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükmek esasynda iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyzd berk ylmy esasa daýanylyp, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilyär, milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir.
Häzirki döwürde zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek esasy wezipeleriň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym ýaşlaryň özlerine, şu gününe we geljegine bolan ynamyny ösdürýän, olara ýaşaýşyň täze syrly gapylaryny açyp berýän gudratly güýçdür. Sebäbi ýurdumyzyň okgunly ösüşi, esasan, ylymly, bilimli, zehinli ýaşlara we olaryň netijeli ylmy işlerine baglydyr. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ýaşlar hemmetaraplaýyn goldanylyp, täze üstünliklere, ylmy gözleglerdir barlaglara ruhlandyrylýar. Ýokary okuw mekdepleri, amaly maksatlara gönükdirilen ylmy-barlag edaralary, oýlanyşykly pikirleriň, teklipleriň, düýpli taslamalaryň işlenip taýýarlanylýan senagat innowasion klasterleri we tehnologiýa merkezleri häzirki zaman ykdysadyýetiniň aýrylmaz düzüm bölegidir.
Milli ylym ulgamy ylmy-tehniki ösüşe, iň täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanmak bilen, ynamly öňe barýar. Häzirki döwürde ylmy gözlegleri hil taýdan täze derejä çykarmak, geçirilýän ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini artdyrmak, olary möhüm wezipeleriň çözgüdine, häzirki zaman ýörelgeleriniň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagyna gönükdirmek milli ylym ulgamynyň öňünde durýan esasy maksatlardyr.
Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy, şeýle hem hormatly Prezidentimize ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi eziz Diýarymyzyň ylmy binýadynyň barha berkidilýändigini, ähli ösüşlerimiziň ylma daýanýandygyny äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir.
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Çeşmesi: Rysgal gazeti

