16 июня 2026 г.

/

303

YLYMLY ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ GELJEGI

Eziz Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler we ýetiliýän belent sepgitler ylmyň hem-de innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp amala aşyrylýar. Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň taryhy wakalary bilen utgaşdyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýlyndaky ajaýyp wakalar, toýdur baýramlar halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Häzirki döwürde ylym we tehnologiýalar ýurdumyzyň geljegini hem-de ähliumumy ösüşiň depginini kesgitleýär. Döwletimizde ylym ulgamyny batly depginlerde ösdürmäge we kämilleşdirmäge, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmaga, kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Munuň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün etmäge ýardam berýän sebit ähmiýetli iri taslamalar, milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda häzirki zaman bilimlerini hem-de ylymlary başarnykly ele alýan ýokary derejeli inženerleri, tehnologlary, alymlary, mahlasy, dürli ugurlardaky hünärmenleri taýýarlamak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýlymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolanlara baýraklary gowşurylyş dabarasy boldy. Bu şanly ýylda döredilenine 10 ýyl dolýan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde guralan sergi ylym, bilim, innowasiýalar, önümçilik we işewürlik ulgamlarynyň utgaşykly alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirdi. Munda talyplaryň dürli ugurlarda taýýarlan döredijilikli işleri, oýlap tapyşlary myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Ylym biziň ýurdumuzda ýokary depginde ösdürilýär. Şonuň üçin ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleriň bäsleşiginiň geçirilmegi ýaşlary ýlma höweslendirmekde, ylmy tejribeleri alyşmakda, halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym we sanly tehnologiýalar esasynda senagatlaşmagy, ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmekde hem-de önümçilige ornaşdyrmakda geçirilýän dürli çäreler bilimiň, ylmyň, önümçiligiň özara sazlaşygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Şu günki gün ýaşlaryň ylymda täze açyşlary, tehniki ösüşler bilen gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak maksady bilen döredilýän giň mümkinçilikler olaryň kalplaryny hyjuwdan doldurdy. Guramaçylykly geçirilen bu bäsleşige gatnaşyp, bäsleşikde ýeňiji bolan birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň ýürek buýsançlaryny gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Bekgylyç AGAÝEW,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň tebigy bilimler we kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy:

— Men bu bäsleşige «Türkmenistanyň sebitlerinde atly syýahatçylyk klasterlerini döretmekligiň ykdysady netijeliligi» diýen temadan ylmy işimi hödürläp, ýaş alymlaryň bäsleşigine gatnaşyp, 1-nji orna mynasyp boldum hem-de noutbuk bilen sylaglandym. Bu sylag meniň buýsanjymy has-da artdyrdy. Meniň bu temany saýlap almagymyň öz sebäbi bar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge we olaryň baş sanyny artdyrmaga uly üns berilýär.

Bu asylly işde biziň halypamyz Gahryman Arkadagymyzyň göreldesi we «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp eserleri biziň ylham çeşmämize öwrüldi.

Meniň bu ylmy işimiň baş maksady ýurdumyzy dünýäniň syýahatçylyk merkezine öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere hem-de ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmaga goşant goşmakdyr. Men akademiýada talyplara ykdysady ugurdan bilim bermek bilen, atçylyk pudagynyň ykdysady esaslaryny öwretmekde degişli dersler boýunça okadýaryn. Bize döredijilikli işleri alyp barmaga uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Yhlas JUMAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň öwreniji mugallymy:

— Men bu bäsleşige Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby esasynda ylmy işimi hödürläp, 1-nji orna mynasyp boldum. Bu uly üstünlik bizi mundan beýläkde döredijilikli işlemäge, döretmäge galkyndyrýar. Bize ylmy-döredijilik işlerini alyp barmaga ähli mümkinçilikler bardyr. Men bu ylmy işimi taýýarlamak bilen türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek, olara ideg etmek, arassalygyny gorap saklamak boýunça ulanylýan tärleriň ähmiýetini nygtadym. Meniň bu ylmy işimiň maksady mekdep okuwçylarynda alabaýlara bolan söýgini döretmekden, milli gymmatlyklarymyza guwanjy terbiýelemekden ybaratdyr. Bizi döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Je­mal­ SA­PAR­LY­ÝE­WA,­

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy:

— Ylmy işim bilen bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldum. Ylmy işimiň maksady türkmen dilini kämilleşdirmekden, oba hojalygy, daýhançylyk, ekerançylyga degişli sözleri öwrenip, türkmen halkynyň janly gepleşigini taryhy-degşirme usullary arkaly öwrenmekden ybaratdyr. Ylmy işim uniwersitetde oba hojalyk hünärleri boýunça bilim alýan talyplar, türkmen diliniň leksikasyny öwrenýän dilçiler üçin uly gollanma bolar. Geljekde men ylmy gazananlaryň üsti bilen ylmy işimi has-da kämilleşdirip, dürli hünärler boýunça bilim alýan talyplar üçün düşündirişli sözlükleri taýýarlamagy maksat edinýärin. Bu bolsa türkmen diliniň arassalygyny geljekki nesillere ýetirmäge uly goşant bolar. Biz — ýaşlara öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemde Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Taýýarlan

Bagty ÖDEGULYÝEWA,

«Mugallymlar gazeti».