16 июня 2026 г.

/

301

Ýaş alymlar, baýragyňyz gutly bolsun!

— Eziz Watanymyzyň her bir güni beýik ösüşlere, batly gadamlara beslenip, taryhymyza arzyly sahypa bolup goşulýar. Ýurdumyzda Ylymlar güni mynasybetli dürli medeni çäreler geçirildi. Şeýle-de şol gün meniň durmuşymda iň bir bagtly günleriň biri boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşiginde ýeňiji boldum. Bu üstünlik meniň ylym dünýäsine barýan ýoluma şamçyrag bolup ýagty saçdy.

Bäsleşikde «Senagat galyndylaryndan ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallaryny almak» atly ylmy işim bilen baýrakly orna mynasyp boldum. Ylmy işimde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny, ykdysadyýet, gurluşyk senagatynadyr önümçiligine degişli alymlaryňdyr professorlaryň ýazan işlerini edebiýat çeşmesi hökmünde peýdalandym. Ylymda, bilimde biz ýaşlara nusgalyk görelde görkezýän Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Jeren ÖWEZOWA,

Halkara se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my, Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da yg­lan edi­len yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si, 2-nji orun:

Çeşmesi; Biznes reklama gazeti