Ylym-bilim — ynsany bagtyýarlyga, röwşen geljege ýetirýän, ýaşaýşyň täze syrly gapylaryny açyp berýän gudratly güýçdür. Şoňa görä-de, häzirki wagtda döwür bilen aýakdaş gadam urýan, egsilmez döredijilik ukyby we ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 500-den gowragynyň gatnaşyp, 170-siniň ýeňijiler hökmünde saýlanyp alynmagy örän guwandyryjydyr. Biz hem ilkinji ylmy gözlegleri bilen ylym dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşmaga ymtylýan ýaşlarymyzy gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara geljekki uly menzillerde üstünlikleri arzuw edýäris. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Aýdyň maksatlary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri we täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşantdyr».
— Halkymyzyň baý taryhyny, medeni - ýetini we durmuş ýörelgelerini içgin öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, bu ylmy bäsleşige «Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanyndaky kär-hünär sözleri» atly ylmy işim bilen gatnaşyp, 1-nji orna mynasyp boldum. Bu ylmy işimiz halkymyzyň şöhratly taryhyny we zähmet medeniýetini açyp görkezmekde, şeýle-de dilimiziň sözlük goruny baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanan bu üstünligim täze ylmy gözleglere ruhlandyrýar. Bize ähli babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Jemal SAPARLYÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy:

