Maý 20, 2026

/

154

Bedew batly Türkmenistan

Bedew batly Türkmenistan

Ykballary bagta sary ataran,

Pederleri wysalyna ýetiren,

Bedew waspyn beýik Arşa göteren,

Jümle-jahan gül Diýaryň haýrany,

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym —

Bedew batly at-myradyň mekany!

Güller güllär sährasynda, düzünde,

Watan waspy buýsançlydyr serinde,

Parahatlyk buşlap Ýeriň ýüzünde,

Ýaň salyp dur dost-doganlyk mukamy,

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym —

Bedew batly at-myradyň mekany!

Sanly tehnologiýa, şanly Galkynyş,

Ýaşlaryň kalbynda ynam, özgeriş,

Her ynsanyň ýüzünde bar ýylgyryş,

Buşluk, şatlyk bilen besläp gün-aýy,

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym —

Bedew batly at-myradyň mekany!

Bedewler çarpaýa galar asmana,

Buýsan türkmen, buýsan çüwen ykbala,

Älem haýran gözel Türkmenistana,

Pyragynyň wysal tapan kelamy,

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym —

Bedew batly at-myradyň mekany!

Milli Lider bilen barýarys öňe,

Gahryman Serdarly ýetýäs ak daňa,

Bu gün türkmen toý toýlaýar, gel, toýa,

Rowaçlanýar munda halkyň ykbaly,

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym —

Bedew batly at-myradyň mekany!

 Mährem BABAMYRADOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Çeşmesi: “Türkmenistan Sport” Halkara žurnaly