Maý 20, 2026

/

155

Ýaşlar —ýurdumyzyň geljegi

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar uly üns-alada bilen gurşalýar. Şol aladalaryň, döredilýän mümkinçilikleriň hatarynda ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin döredilýän ägirt uly mümkinçilikler hem bellenilmäge mynasypdyr. Köp dil bilmek baýlykdyr, ruhy kämillikdir. «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dilim bar — dünýäm bar» ýaly halk pähimlerinde ündelýän pikirler döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn esasda dil öwrenmegi ýola goýmak boýunça amala aşyrylýan işlerde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bilim ojaklaryna sanly IT tehnologi-ýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi öwredilýän dilleri tiz wagtda özleşdirmäge uly mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ösüp gelýän ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmekde ýörite gollanmalaryň, kitapdyr sözlükleriň ulanylmagy hem uly ähmiýete eýedir. Alymlaryň geçiren barlaglary dil öwrenmegiň adamyň diňe bir akyl ýetiriş, pikirlenmek ukyplaryny ösdürmän, eýsem, beden taýdan saglygynyň we immunitetiniň berkemegine-de peýdalydygyny görkezýär. Öz ene dilinden başga-da birnäçe dilleri bilýän adamyň dürli meseleleri tiz we netijeli çözýändigi düşündirilýär. Dil öwrenmek döredijiligi hem-de zähmeti talap edýär. Çünki dil adamzat aragatnaşygynda möhüm hyzmaty ýerine ýetirmek bilen, jemgyýetçilik aňyýetindäki öňdebaryjy pikirleriň, döredijilikli işiň esasy guraly bolup hyzmat edýär. Döredijilikli zähmet bilen meşgullanmak bolsa ynsany durmuşa taýynlaýar, öz ýoluny, göwün halan hünärini saýlamakda netijeli hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Ýazmak dil öwrenmegiň başlangyjy hasaplanýar. Belli filologlaryň okuw usullaryndan biri hem dil öwrenilende, şol bir sözi 1-2 sahypany dolduryp ýazdyrmakdyr. Şeýle usul sabyrlylygy, maksada okgunlylygy artdyryp, täze öwrenilýän sözüň çalt aňda galmagyna getirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryny işläp taýýarlamakda, ýaşlaryň dilşynaslyk, sözleýiş başarnyklaryny ösdürmekde, ylmyň we bilimiň bu ugurda iň soňky gazananlaryny iş ýüzünde ulanmakda dürli usullar işlenilip taýýarlanylýar.

Dünýä dilleriniň ählisinde diýen ýaly sözlük gory müňlerçe sözleri öz içine alýar. Muňa garamazdan, gündelik gepleşikde ortaça müňden kän söz ulanylmaýar. Olaryň köpüsi hem işliklerden ybaratdyr. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, başlangyç gepleýiş endiklerini öwrenmek wajypdyr. Munuň özi talyp ýaşlaryň dünýä dillerini çuňňur öwrenip özleşdirmeginde, erkin gürläp bilmeginde örän ähmiýetlidir. Ýaşlar baradaky şeýle üns-alada bagtyýar ýaşlarymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda we medeni ulgamlarda alnyp barylýan döwletli işlere has-da işjeň çekmek ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär. Talyp ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmaklary üçin ýurdumyzda döredilýän ähli mümkinçilikler örän buýsandyryjydyr.

Biz — ýaşlary kämil bilim almaga ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Mährem BABAMYRADOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Çeşmesi: "Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly