02 февраля 2026 г.
6
HHR-iň «Xiaomi» kompaniýasy smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli örän inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Enjam bazarda iň ykjam magnit pauer banklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy bary-ýogy 6 mm-e, agramy 98 g-a barabar. Ol flagman smartfonlara magnitleriň kömegi bilen berkidilýär we simsiz zarýady goldaýar.
«Xiaomi 17» smartfonlary bilen ulanylanda simsiz zarýadyň kuwwaty 15 Wt ýetýär. «iPhone» üçin bu görkeziji 7,5 Wt bilen çäklenýär. Has çalt zarýad üçin 22,5 Wt çenli simli zarýady goldaýan USB-C porty göz öňünde tutuldy. Gurluş bir wagtyň özünde iki gajeti – kabel we simsiz tehnologiýa boýunça zarýadlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Akkumulýatorda 5000 mA/sag sygymly kremniý-uglerod batareýasy ulanylýar.
Nowruz SAPARMUHAMMEDOW,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

