27 января 2026 г.
319
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz böleginiň biri-de milli keşdeçilik sungatydyr. Ol diňe bir el hünäri ýa-da bezeg sungaty bolman, eýsem, halkymyzyň döwletlilik düşünjesiniň, milli ýörelgeleriniň we jemgyýetçilik bitewüliginiň nagyşlara siňdirilen beýanydyr. Asyrlaryň dowamynda ene-mamalarymyzyň çeken keşdeleri halkymyzyň ykbalyny, sabyr-takadyny, geljege bolan ynamyny özünde jemläpdir. Hut şonuň üçinde, häzirki döwürde milli keşdeçilik sungaty döwletimiziň alyp barýan medeni syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde täze many-mazmun bilen baýlaşýar.
Milli gymmatlyklara hormat goýmak, olary gorap saklamak we ösdürmek döwletimiziň öňde goýýan esasy maksatlarynyň biridir. Hususy tikinçilik öýleriniň döredijilikli işleri bu asylly maksadyň durmuşa ornaşdyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Milli keşdeçilik sungaty sessiz, güýçli sözleýän sungatdyr. Ol halkyň taryhyny kitapsyz beýan edýär. Çünki nagyşlarda millilik bar, döwletlilik bar.
Türkmen milli keşdeleri inçeligi, nepisligi, özboluşly nagyşlary, reňk sazlaşygy we çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Keşdelerde tebigat, maşgala abadançylygy, agzybirlik, ynam we geljege umyt ýaly düşünjeler şekilendirilýär. Her bir nagyş ruhy we terbiýeçilik mazmuna eýedir. Şonuň üçin-de, milli lybaslarymyzda ulanylýan keşde nagyşlary halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini, gözellik duýgusyny görkezýär.
Häzirki wagtda telekeçilik başlangyçlary bu taýsyz sungatyň ygtybarly daýanjyna öwrüldi. Hususy pudagyň döredijilikli işi milli sungatyň ykdysady esaslaryny berkitmäge, onuň dowamlylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Has takygy, telekeçileriň goldawy bilen täze tikinçilik öýleri açylýar, olara häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylýar, iş orunlary döredilýär. Bu ýagdaý milli keşdeçilik sungatynyň diňe medeni däl, eýsem, ykdysady taýdan hem ähmiýetiniň artmagyna ýardam berýär.
Hususy tikinçilik öýleri milli lybaslarymyzy taýýarlamakda giň möçberli we maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Bu öýlerde döredijilikli dizaýnerler bilen tejribeli keşdeçileriň sazlaşykly işi milli lybaslarymyzyň häzirki zaman keşbini emele getirýär. Olar nepisden nepis, her birinde keşdeçilik sungatynyň inçe aýratynlyklary saklanylýan milli köýnekleri, donlary, ýeňsizleri, başgaplarydyr dürli bezeg önümlerini döredýärler. Şeýlelikde, milli egin-eşikler gündelik durmuşda we dabaraly çärelerde giňden ulanylýar.
Ýeri gelende bellesek, ussat keşdeçiler we dizaýnerler her bir önümiň milli ruhda bolmagyna aýratyn üns berýärler. Sebäbi keşdeçilik sungatynyň esasy güýji däp bilen döwrebaplygyň sazlaşygyndadyr. Nusgawy nagyşlar, adaty reňk sazlaşyklary häzirki zaman dizaýn çemeleşmeleri bilen utgaşyp, milli sungata täze öwüşgin berýär. Bu sazlaşyk ösüşiň mizemez binýady bolup çykyş edýär. Däpden üzňeleşmän, döwür bilen aýakdaş gitmek milli sungatyň ýaşamagynyň we ösmeginiň baş şertidir. Şonuň üçin hem häzirki döwürde keşdeçilik sungaty diňe geçmişiň mirasy hökmünde däl, eýsem, geljege gönükdirilen döredijilik ugry hökmünde ösdürilýär.
Ählimize mälim bolşy ýaly, keşdeçilik işi, esasan hem zenan zähmeti bilen berk baglanyşyklydyr. Hususy tikinçilik öýleriniň giňelmegi zenanlaryň iş bilen üpjün edilmegine, olaryň döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Hususy tikinçilik öýlerinde ýaş hünärmenleri taýýarlamaga hem uly ähmiýet berilýär. Halypa şägirtlik ýörelgesi esasynda tejribeler paýlaşylýar, bu bolsa milli sungatyň dowamlylygyny üpjün edýär.
Mahlasy, keşdeçilik sungaty türkmen halkynyň milli ýörelgeleriniň reňkli beýanydyr. Telekeçilik başlangyçlary milli lybaslarymyzy döwrebap görnüşde ösdürip, milli sungatymyzy ykdysady taýdan berkitmek bilen bir hatarda, onuň syýasy ideologik ähmiýetini hem ýokarlandyrýar. Hususy tikinçilik öýlerinde alnyp barylýan döredijilikli işler milli däpleriň ýaşaýandygyny, döwür bilen aýakdaş ösýändigini aýdyň subut edýär. Milli lybaslarymyzy gorap saklamak we dünýä tanatmak döwletimiziň medeni abraýyny has-da beýgeldýär. Şonuň üçin hem telekeçilik bilen milli sungatyň sazlaşygy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Öz gezeginde, milli sungatyň ösüşi ýaş nesilde watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy we döredijilikli pikirlenmäni ösdürýär. Bu bolsa jemgyýetiň durnukly ösüşi üçin möhüm şertleriň biridir.
Aýjeren BABAÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.

