Ylym-bi­lim — röw­şen gel­je­giň şug­la­sy

Decorative element

23 января 2026 г.

/

310

Ylym-bi­lim — röw­şen gel­je­giň şug­la­sy

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de bi­lim ul­ga­my­nyň öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ylym, bi­lim we ter­bi­ýe­çi­lik ul­ga­my­nyň ösü­şin­de kä­mil teh­ni­ka­lar­dan, ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­ýan ýaş­la­ryň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş hü­när­men­ler san­ly ul­ga­ma, yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­na oňat dü­şün­ýär­ler. Çün­ki ýur­du­myz­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar hem-de san­ly ul­gam bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri we beý­le­ki bi­lim eda­ra­la­ry yzy­gi­der­li gu­rul­ýar. Mu­ňa my­sal edip Hal­ka­ra se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler uni­wer­si­te­ti­niň dö­re­di­len­di­gi­ni, bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň döw­re­bap bi­na­sy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Ýaş­la­ryň dün­ýä yl­my­na düýp­li ara­laş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, ola­ry şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly edip ter­bi­ýe­le­mek iş­le­ri döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar. Mu­nuň üçin ýur­du­myz­da giň müm­kin­çi­lik­ler, döw­re­bap şert­ler bar.

Ýaş­la­ryň dün­ýä yl­my­na düýp­li ara­laş­ma­gy hem-de ze­hin­le­ri­ni, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny açyp gör­kez­me­gi üçin döw­let de­re­je­sin­de bir­nä­çe bäs­le­şik­ler gu­ral­ýar. Bu bäs­le­şik­le­re türk­men ýaş­la­ry has-da iş­jeň gat­naş­ýar. Bu ba­bat­da be­ýan ede­ni­miz­de, ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň ta­lyp­la­ry­nyň hem döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­mek is­le­ýä­ris. Yn­ha, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň ara­syn­da paý­has bäs­le­şi­giniň geçirilmegi, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň 12-nji synp okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da Iň­lis di­li bo­ýun­ça ders bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň gu­ra­ýan şeý­le çä­re­le­ri ýaş­la­ryň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­mak­la­ry­na, ola­ryň ylym-bi­lim öw­ren­mek­le­ri­ne hö­wes dö­red­ýär. Ýaş nes­li­mi­ze döw­rü­mi­ziň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek­de mil­li ru­ha ýug­ru­lan, türk­men hal­ky­nyň geç­miş­de ýö­rel­ge edi­nen, ta­ry­hy dö­wür­le­riň için­de gaý­nap, dur­mu­şyň sy­nag­la­ryn­dan ge­çip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ge­lip ýe­ten mil­li edep-ter­bi­ýe mek­de­bi­ni ýö­rel­ge edin­mek, onuň bi­len ugur­daş­lyk­da ösen döw­let­le­riň bi­lim ul­ga­my­ny do­lan­dyr­mak­da­ky tej­ri­be­si­ne da­ýan­mak dä­be öw­rül­di. Şeý­le hem ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­miz­de me­de­ni çä­re­le­ri gu­ra­ýa­rys, ýö­ri­te ki­tap bi­len bag­la­ny­şyk­ly gur­nak­da oka­ma­gyň, bi­lim öw­ren­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni ýaş nes­le dü­şün­dir­ýä­ris. Se­bä­bi yl­myň äh­li ga­za­nan­la­ry­nyň, yl­my mag­lu­mat­la­ryň ha­zy­na­sy ki­tap­da jem­len­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ki­tap­la­ryň elekt­ron gör­nüş­le­ri­ni, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp oka­mak bol­ýar. Mu­nuň özi hä­zir­ki ýaş­lar üçin döw­re­bap müm­kin­çi­lik bol­mak bi­len bir ha­tar­da döw­rüň ös­ýän­di­gi­ni, be­dew bat­ly ösüş­ler bi­len öňe bar­ýan­dy­gy­ny aý­dyň be­ýan ed­ýär.

Ýur­du­my­zyň bi­lim, ylym ul­gam­la­ry­nyň işi­ne, ony kä­mil­leş­dir­mä­ge we ös­dür­mä­ge döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de ga­ral­ýar. Ha­wa, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly

35 ýyl­lyk baý­ra­my­ny toý­la­ma­ga taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni giň­den ýaý­baň­lan­dy­ran ýur­du­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap aý­dyň ýol bi­len ynam­ly bar­ýar. Ösüş­le­re, oňyn öz­ge­riş­lik­le­re bes­len­ýän bu ýol hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­mi­ziň röw­şen ýo­lu­dyr. Bu ýo­la ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Şeý­le üs­tün­lik­le­riň ha­ta­ryn­da ylym-bilim­de ýe­ti­len sep­git­le­ri hem aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Çün­ki ylym-bi­lim di­ňe bir şu gün­ki ösü­şi­miz däl-de, eý­sem, röw­şen gel­je­gi­mi­ziň şam­çy­ra­gy­dyr, aý­dyň ýo­lu­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem, ýur­du­my­zyň bi­lim iş­gär­le­ri, mu­gal­lym­la­ry ýaş nes­li ylym-bi­lim­li hü­när­men­ler hök­mün­de ke­ma­la ge­tir­mek­de asyl­ly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ylym-bi­li­miň ös­dü­ril­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi äh­li bi­lim iş­gär­le­ri­ni tüýs ýü­rek­den buý­san­dyr­ýar. Bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da ama­la aşyryl­ýan ne­ti­je­li we düýp­li iş­ler Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň be­dew ba­dy bi­len ös­me­gi­ne, di­ňe öňe git­me­gi­ne ba­dal­ga ber­ýär. Bi­zi şeýle aja­ýyp za­ma­na­da ýa­şad­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun!

Şöh­rat MU­HAM­ME­DOW,

Hal­ka­ra se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler uni­wer­si­te­ti­niň dil öw­re­niş bö­lü­mi­niň mü­di­ri.