19 января 2026 г.

/

273

20 minuta çenli azaldyldy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ägirt uly ulag taslamasynyň gurluşyk işleri tamamlandy. Týanşan daglarynyň arasyndan geçýän «Týanşan Şengli» geçelgesi ýyllaryň dowamynda ýeňip bolmajak tebigy päsgelçilikleri aradan aýyrdy. Has dogrusy, öň birnäçe sagatlap dowam edýän dag geçelgelerini indi bary ýogy 20 minutda geçip bolýar.

Resmi maglumatlara görä, uzynlygy 324,7 kilo metr bolan bu tunel dünýäde iň uzyn awto ýol tuneli hökmünde hasaba alyndy. Mundan öň, gyş aýlarynda ýapylýan, beýikligi 4000 metrden geçýän egrem-bugram dag ýollary ulanylýardy. Häzirki wagtda awtoýol orta we agyr tonnalyk ýük awtoulaglaryndan beýleki ähli ulag görnüşlerine niýetlenilen bolup, ony tapgyrlaýyn ulanylyşa girizmek meýilleşdirilýär.

Gurluşyk meýdançasy deňiz derejesinden, takmynan, 3000 metr beýiklikde bolup, iň pes nokady 1112 metrdir. Gurluşygyna 2020-nji ýylda başlanan awto ýol üçin ýurduň ykdysadyýetinden 46,7 milliard ýuan bölünip berildi. Bu iri taslama 17 tuneli, 36 köprini, haýwanlar üçin hem-de ýerasty geçelgeleri öz içine alýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:

Mährem BABAMYRADOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.