Garaşsyzlyk ata Watanymyz Türkmenistanyň arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, bagtyýarlygyň mekanyna öwürdi. Eziz Diýarymyz häzirki wagtda bütin dünýä üçin abadançylyk hem-de ösüş ýollaryny gurýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ösdürmek boýunça ençeme döwletli işler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen üstünlikli ösdürilip, döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi ata Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny nazarlap, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlarymyzyň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.
Şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň çar künjünde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda hususy ulgamda hem uly zähmet gaýnap joşup, halkymyz bu baýramy taryhy zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.
Ösen senagat we kuwwatly ykdysadyýet — ýurdumyzyň syýasy garaşsyzlygynyň berk binýadyny düzmek bilen birlikde, halkymyzyň abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň dünýä derejesindäki bäsdeşlige ukyplylygynyň baş şertidir. Şu nukdaýnazardan, Garaşsyzlygymyzyň beren egsilmez miweleri ýurdumyzyň senagat we ykdysadyýet pudagynda has-da aýdyň ýüze çykýar.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda hem ýurdumyzyň dürli künjünde iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat toplumlarydyr kärhanalar ulanylmaga berildi. Hususy ulgamy we telekeçiligi goldamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty netijesinde ýerli işewürler hem ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda işjeňlik görkezip, içerki bazary ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply harytlar bilen doly üpjün etmäge hem-de eksport kuwwatymyzy yzygiderli artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar.
Garaşsyzlyk jemgyýetiň ruhy taýdan Galkynyşy bilen birlikde, her bir raýata ýurdumyzyň ykdysady giňişliginde öz telekeçilik ukybyny doly ýüze çykarmaga we ata Watanymyzyň rowaçlygyna şahsy zähmeti arkaly saldamly goşant goşmaga uly mümkinçilikleri-de bagyşlady. Berkarar döwletimizde hususyýetçiligiň eýeleýän belent sepgitleri, gazanýan ägirt uly üstünlikleri hem-de ykdysadyýetdäki ýokary işjeňligi Garaşsyzlygymyzyň beren egsilmez miweleriniň, öňdengörüji ykdysady syýasatymyzyň netijesidir we halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde milli telekeçiligimiz ýurdumyzyň bazarlaryny diňe bir ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, täze önümçilik kärhanalaryny, innowasion toplumlary we döwrebap hyzmat ediş ulgamlaryny döretmek arkaly döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň esasy sütünleriniň birine öwrüldi. Bu bolsa Garaşsyzlygyň adamy erkin zähmete, belent maksatlara we bagtyýar geljege tarap ynamly alyp barýan mizemez ýoldygyna ýene-de bir gezek subut edýär.
Milli oba hojalyk toplumy hem Garaşsyzlygymyzyň beren rowaçlyklarynyň we ösüşleriniň hakyky aýnasyna öwrüldi. Özygtyýarlylygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap azyk howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi we bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Şu ýyl hem ýurdumyzyň gallaçylary we hususy telekeçileri özleriniň yhlasly we guramaçylykly zähmeti bilen ýyllyk meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edip, bereketli hasyl ýygnadylar. Oba hojalygynda sanly ulgamyň, döwrebap tehnikalaryň we ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýerleriň hasyllylygyny düýpli ýokarlandyryp, mähriban Watanymyzyň şöhratyny has-da belende göterdi.
Garaşsyzlygyň ýetiren iň uly miweleri, şübhesiz, halkymyzyň abadan durmuşyny, ýokary ýaşaýyş derejesini we ruhy-medeni taýdan kämilleşmegini üpjün edýän medeni durmuş özgertmeleridir. Berkarar döwletimizde ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalar, saglygy goraýyş we bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Şu ýyl-da hem ýaş nesle döwrebap bilim bermek, milli mirasymyzy, gadymy medeniýetimizi we sungatymyzy çuňňur öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işler alnyp baryldy. Şanly senäniň öňüsyrasynda guralýan dabaraly maslahatlar, sergiler we medeni-köpçülikleýin çäreler halkymyzyň bagtyýar durmuşa, döredijilikli zähmete bolan buýsanjyny has-da artdyryp, Garaşsyzlygyň beren bagtly eýýamyny dabaralandyrýar.
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna görülýän giň göwrümli taýýarlyklar we gazanylan belent zähmet ýeňişleri mähriban halkymyzyň öz Garaşsyz Watanyna bolan çäksiz söýgüsiniň, döredijilikli zähmetine we agzybirligine berk daýanýandygynyň aýdyň alamatydyr. Berkarar döwletimiziň baş baýramy mähriban halkymyzy has-da jebisleşdirip, Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň mizemez binýadynyň has-da pugtalanmagyna hem-de ýurdumyzyň geljekki ösüş ýolunda täze, ýokary sepgitlere ýetmegine kuwwatly itergi berýär.
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Çeşmesi: Rysgal gazeti

