Gözelligiň göwher gaşy
Sebitde deňi-taýy bolmadyk, ýurdumyzda ilkinji «akylly» Arkadag şäheri milli binagärligiň taýsyz merjenidir. Çünki bu şäherde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adamlaryň oňaýly şertlerde ýaşamagy hakyndaky aladalary amala aşyryldy, arzuwlar hakykata öwrüldi, şähergurluşygyň täze taryhy sahypasy açyldy. Şundan ugur alsak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekani» ýylynda Arkadag şäheriniň açylmagyna üç ýylyň dolmagy aýratyn buýsandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyz: «Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek! Men bütin ömrümiň manysyny eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hyzmat etmekde görýärin» diýip belleýär. Döwletimiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşandyňy goşmak mukaddes hem perzentlik borçdur. Şol borç watansöýüjilik duýgusy, ilgünüňe, mähriban halkyňa, dogduk topragyňa synmaz söýgi bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, täze taryhy eýýamyň gudraty bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyry Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan taýsyz tagallasyndan kemala geldi. 2023-nji ýylyň 29-njy iýuny täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 336-syny özünde jemleýän innovasion şähergurluşyk taslamasynyň birinji tapgyry hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen bu şäher döwrümiziň bedew batly ösüşleriniň aýdyň nyşanydyr.
Geljegiň şäheri bolan Arkadag şäherinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşajylary üçin oňaýly ýaşayış-durmuş şertlerini üpjün edýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşayış-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda wajyp orny eye läp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýeri gelende aýtsek, bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri hereket edip, munuň özi daşky gurşawyň goraglylygynyň hemişe üns merkezinde saklanylýandygyna güwä geçýär. Şol sanda «akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap ýaşayış jaýlardyr kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Häzirki wagtda şeýle öýlere ýurdumuzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli agzybir we bagtyýar maşgalalar göçüp baryp, jaý toýlaryny toýlaýarlar. Bu bolsa halkymyzyň abadançylygy we bagtyýarlygy ugrunda döwletli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz: «Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyňa aýdyň şaýatlyk edýär» diýip nygtaýar. Dogrudan-da, iri taslama bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy iki tapgyrda amala aşyrylyp, onuň ikinji tapgyrynda gurluşyk işleri häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär.
Gadymy Oguz ýaýlasynyň juwan şäherini biz uly buýsanç bilen «Ýaşlaryň we geljegiň şäheri» diýip atlandyrýarys. Ýaşlyk durnukly duýgular arkaly gözelleşýär, belent maksatlar bilen egsilmez joşguna eýe bolýar. Diýmek, gurmak we döretmek ýaşlyga mahsus. Şoňa görä-de, Arkadag şäheriniň gurluşygyna ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň binagärlik taslamalaryny taýýarlamak, sanly ulgamy we «akylly öý» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işjeň çekilmegi nazaryýetde alnan bilimleri gurluşyk amalyýeti bilen utgaşdyrmak üçin tejribe mekdebi boldy. Täze şäherde durmuş düzümleriniň sazlaşykly guralmagy bilen birlikde, ýaş nesli kämil ruhda bilimli-terbiýeli edip ýetişdirmek işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. Ders bäsleşikleri, dürli olimpiadalar, ylmy-amaly maslahatlar dowamly geçirilýär. Şeýle-de döwrebap medeni ojaklar — teatr, muzeý, kitaphana ýaşlara gujagyny giňden açýar. Bularyň ählisi Arkadag şäheriniň ýaşlaryň we geljegiň şäheri bolmak bilen birlikde, bilimiň we ylmyň, gözelligiň we sungatyň şäheridigini hem bütin aýdynlygy bilen subut edýär.
Ýaş nesiller abadany geljegimiziň eyeeleri bolup, olaryň saglygy hakdaky alada bagtyýar ertirlerimiziň kepilidir. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna dürli kesellerden ejir çekýän çagalara operasiýalar geçirilýär. Operasiýadan soňky sagaldyş-dikeliş işleri täze şäherdäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeliş merkezinde alyp barylýar. Şeýle hem bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy ýerleşmek bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleri, çaga iýmitleri öndürilýär. Import edilýän harytlary ýurdumuzda öndürmek boýunça giň gerimli işleriň netijesi bolan bu önümleriň ählisi-de ýokary hil derejesi we ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Saglygy goraýyş maksatly döwrebap merkezlerde ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Munuň özi ýaş nesilleriň saglygy we abadan durmuşy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny görkezýär.
Täze şäherde atçylyk däpleriniň mynasyp dowam etdirilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilýär. Muňa şu ýylyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy anyk delildir. Bu üstünlik Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar hem-de Arkadag şäheriniň şanly üstünliklerimiziň nyşanydygyny Ýer ýüzünde dabaralandyrýar.
Bir söz bilen aýdanymyzda, Arkadag şäheri — bagtyýar durmuşyň, nurany geljegiň şäheri. Bu şäherde halkymyzyň belent maksatlary, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty hem-de bedew batly ösüşleri, halk bähbidine gönükdirilen özgertmeler öz beýanyny tapýar. Diýmek, Arkadag şäheri türkmen gudratynyň aýdyň nyşanydyr.
Aýjeren BABAÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
Çeşmesi: Aşgabat gazeti

