Kompýuter tehnologiýalarynyň taryhynda öwrülişik döreden ilkinji syçanjyk 1964-nji ýylda Stenford barlag institutynda Duglas Engelbart tarapyndan döredildi. Bu enjamyň dünýä jemgyýetçiligine resmi taýdan hödürlenmegi bolsa 1968-nji ýylyň 9-njy dekabrynda San-Fransisko şäherinde amala aşyryldy. Tehnologiýa äleminde öçmejek yz galdyran bu tanyşdyrylyş häzirki wagtda ähli tanyşdyrylyşlaryň özeni hökmünde ykrar edilýär.
Gurluşy boýunça häzirki zaman plastik modellerinden düýpli tapawutlanýan ilkinji syçanjyk, aslynda agaçdan ýasalan kiçijik bir gutudy. Onuň içki gurluşynda özara perpendikulýar goýlan iki sany metal disk ýerleşdirilip, olar degişlilikde "X" (kese) we "Y" (dik) oklarynyň ugruna hereketi yzarlaýardy. Bu taryhy enjamyň ýüzünde bolsa diňe ýeke-täk gyzyl düwme bardy.
Näme üçin "Syçanjyk" diýlip atlandyryldy?
Bu adyň döreýiş taryhy barada taslamanyň esaslandyryjysy öz ýatlamalarynda şeýle belleýär.
"Enjamdan çykýan simiň syçanyň guýrugyna çalym edýändigi sebäpli, biz laboratoriyada oňa ýönekeýje "Syçanjyk" diýip at goýduk. Şol wagtlar bu kiçijik adyň geljekde dünýä tehnologiýasynyň iň meşhur sözleriniň birine öwrüljekdigi hiç birimiziň aklymyza-da gelmändi".
Adaty agaç gutusyndan başlanan bu tehnologik ýöriş, wagt geçdigiçe tutuş dünýäniň ösüşine düýpli täsir etdi. Amerikan oýlap tapyjysy Duglas Engelbartyň şol döwürdäki täsin oýlap tapyşy ýyl-ýyldan kämilleşse-de, "Syçanjyk" bize sanly älem bilen aragatnaşyk saklamaga hyzmat edýän iň möhüm gural hökmünde öz gymmatyny häli-häzire çenli saklap gelýär.
Ýazmämmet Orazow,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby

