Oktýabr 19, 2025

Saglyk – baş baýlygymyz

Ynsanlara kitap ýaly mukaddesligi sowgat etmek döwletliligiň, danalygyň hem ynsanperwerligiň alamaty. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan kitaplarynyň her biri-de ömürlere, nesillere ýapylýan bahasyz serpaýlardyr. 

Ýakynda eziz Diýarymyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň uly dabaralar bilen bellenilmegi, döwrebap lukmançylyk düzümleriniň açylyp ulanmaga berilmegi, täze saglygy goraýyş edaralarynyň düýbüniň tutulmagy, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň elimize gowuşmagy buýsandyryjy waka boldy. 2025-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda bu ajaýyp gymmatly kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy