«Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz»

Decorative element

Oktýabr 15, 2025

«Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz»

Ylym-bilim almak, hünär öwrenmek — halkymyzyň durmuşda iň bir zerur hasaplaýan işleriniň biri. Sebäbi gerekli ylym-bilimleri öwrenip, belli bir hünäriň eýesi bolan adama ýagty hem-de bagtyýar geljek garaşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Ynsanyň ylym-bilim almagy, kär edinmegi onuň ömrüniň bahary bolan ýaşlyk ýyllaryna gabat gelýär». Şoňa görä-de, ýaşlykdan belli bir hünäre eýe bolmak üçin köp okap, öwrenip, her bir işe yhlasly çemeleşmek gerek. «Hünär eýesini eziz eder» diýlişi ýaly, ýaşlykdan saýlanyp alnan kär ynsanyň durmuş ýollarynda hemişe ýaranyna öwrülýär. Çünki halal zähmetiň miwesi datly hem bereketlidir.

Ynsan beýleki barlyklardan tapawutlylykda iň kämil ýaradylany bolup, onuň derejesi özüniň gazanýan kämillik mertebesi esasynda belende göterilýär. Eýsem, adamyň şahsyýet bolup ýetişmeginde kämillik ölçegi nämede? Ony adamyň ylym-bilimliliginde, dünýägaraýşynyň giňliginde, akyl-paýhasynda, halal zähmetinde, adamkärçiliginde görmek bolýar. Garaz, sanasaň, sogaby kän. «Halal zähmet» diýlende, gürrüňimiz hünär eýesi bolmaklyga getirýär. Ylym-bilim almak hem hünär öwrenmek bilen berk baglanyşyklydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Bilim ylma barýan ýagtylyk bolup, onda hem paýhas, hem-de hadysalaryň göz ýetirilen hakykaty bardyr» diýip belleýär. Çünki bu zerurlyklar adamyň kämil şahsyýet bolmagynda uly orny eýeleýär.

Milli Liderimiziň mähriban halkymyza peşgeş beren, tutuşlygyna türkmençilik ýörelgelerimize ýugrulan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabynyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» bölüminde ylmyň hem-de hünärli bolmagyň peýdasy hakynda şeýle rowaýat gürrüň berilýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä, türkmen obalarynyň birinde agaç ussasy ýaşapdyr. Ol örän tygşytly ýaşaýan ekeni. Bir günem goňşusy onuň ýanyna gelip:

— Näme üçin ýöne pul toplap ýörsüň? Özüň üçin haýry bolmasa, ol pullary näme etjek? — diýip, nagarasyny döwüpdir. Ussa oňa:

— Tygşytlylygymyň sebäbi men gazanjymyň bir bölegi bilen karzymy üzülişmeli bolýaryn, beýleki bölegini bolsa, karz berýärin — diýipdir. Goňşusy onuň nämäni göz öňünde tutýandygyna düşünmändir. Oňa geňirgenip seredipdir-de:

— Baýlygyň özüňe buýranok, tapanyňy iýip-içip, keýpi-sapada ýaşamaly halyňa, karz hem berýärmiň? Onsoňam seniň, sen ýaly her günde esli gazanç edýän adamyň hem ile bergisi bolarmy? — diýip, gyjalat beripdir.

Şonda ylym-bilimiň we hünär öwrenmegiň peýdasyna öz durmuşynda göz ýetiren ussa:

— Hawa, meniň gazanjym az däl, ýöne men onuň üçin öz enemiň hem atamyň öňünde borçly bolup durýaryn. Çünki meniň ilhalar adam bolmagym, degerli hünär edinmegim, bilim almagym üçin olar köp alada etdiler. Men enemiň hem atamyň göwünlerini alýaryn, olaryň isleglerini berjaý edýärin. Karzymy üzlüşýärin diýýänim, meniň şolaryň öňündäki borjumdyr. Karzyna bermegim bolsa meniň öz ogul-gyzlarymyň ile gerekli adamlar bolup ýetişmegi üçin edýän aladalarymdyr. Men gazanjymyň köp bölegini olaryň ylymly adam bolmagy, hünär öwrenmekleri üçin aýaýaryn. Ertirki gün meniň gurbatym gaýdar. Olar maňa hossar bolarlar. Meni goldarlar we hözirli durmuşda ýaşaryn. Görşüň ýaly, goňşy, meniň ömrümiň her güni hem şu baglanyşykda geçdi — diýip, oňa munuň sebäbini düşündiripdir. Goňşusy şondan soň köp pikirlenipdir.

Gahryman Arkadagymyz bu rowaýaty beýan etmek bilen, ylym-bilimiň, hünäriň ynsan durmuşyndaky peýdasyna ünsi çekip, şeýle diýýär: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr. Adamlar asyrlaryň dowamynda ylym öwrenip, äpet uly ylym daragtyny kemala getirdiler». Elbetde, jahandaky iň gymmatly baýlyklaryň hatarynda, ilki bilen, ylym-bilimi görkezmek bolar. Çünki alymlaryň aýdyşy ýaly, bilimiň bolmadyk ýerinde tümlük höküm sürer. Goý, her bir adamyň kalby ylym-bilim nury bilen ýagtylansyn, şol şugla ömür ýollarymyza elmydama aýdyňlyk bersin!

Nury SAKÇYÝEW,

«Nesil».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat